Prezident Erdogan Brýusseliň şäher häkimine berk jogap berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Belgiýanyň paýtagty Brýusseliň şaher häkimi Iwan Maýeriň “Erdogana goldaw bermek maksady bilen geçiriljek maslahatlara we hereketlere rugsat bermeris” sözlerine berk jogap berdi

731066
Prezident Erdogan Brýusseliň şäher häkimine berk jogap berdi

Erdogan: “Belgiýanyň resmileriniň güýji ýetýän bolsa, onda ediň. Men maslahat üçin barýaryn, bolgusyzlyk üçin däl. Onuň diýýäni bolsa bolgusyzlyk” diýdi.

Prezident Erdogan Hytaýa gitmezden ozal Ankara Esenboga howa menzilinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

25-nji maýda Brýusselde geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşjak bolýan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Brýusseliň şaher häkiminiň aýdanlarynyň ýatladylmagyna: “Brýusseliň şaher häkimi NATO-nyň agzasy däl, NATO-nyň adyndan gürläp bilmez. Ol öz işine üns bersin. Brýusseliň köçeleriniň nädip arassalanjakdygyny pikir etsin. Goý bulary Belgiýadaky NATO wekilçilik edýän adamlar aýtsyn. Men Brýussel şäheriniň häkimliginede däl, Belgiýanyň resmileriniň ýanyna hem däl, men NATO maslahatyna gatnaşmak üçin gidýärin. Men NATO maslahatyna Erdogany goýbermerin diýýän bolsa aýtsyn, Belgiýanyň resmileriniň hem güýji ýetýän bolsa aýtsyn. Men maslahat üçin barýaryn, bolgusyzlyk üçin däl. Onuň diýýäni bolsa bolgusyzlyk. NATO näme üçin bar? NATO terrora garşy göreşde ýok bolsa, nämä gerek? Bularyň ählisini sorarys” diýdi.



Degişli Habarlar