Prezident Erdoganyň ABŞ-na gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklaryň depgini güýçlendi
Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan ABŞ-na gitdi
Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-na gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklaryň depgini güýçlendi.
Erdoganyň ABŞ-na gurajak saparynyň öňüsyrasynda Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan ABŞ-na gitdi.
Goşun generaly Hulusi Akar, Ibrahim Kalyn we Hakan Fidan Prezident Erdoganyň maý aýynyň 15-17-i aralygynda gurajak saparynyň öňüsyrasynda Amerikaly ýolbaşçylar bilen sapar hakynda pikir alyşar.
Prezident Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçirjek ilkinji iki çäk duşuşygynda sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Saparyň çäginde geçiriljek ýokary derejeli gepleşiklerde iki taraply gatnaşyklar, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi, Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde terrora garşy göreş meselesi gün tertibine getirler.
Degişli Habarlar
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder