Türkiýe ÝB-ne 16-njy aprelden soň birnäçe teklip hödürlär

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Bileleşigine 16-njy aprelde geçiriljek referendumdan soň birnäçe teklip hödürlejekdiklerini mälim etdi

711857
Türkiýe ÝB-ne 16-njy aprelden soň birnäçe teklip hödürlär

Bu teklipleriň türk raýatlaryna ÝB-ne agza ýurtlarda wiza erkinliginiň döredilmegi we Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi bilen baglanşykly şertnama bilen bagly boljakdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Ondan soňky etaby nähili dowam etdirjekdigimizi ara alyp maslahatlaşyp, kabul eden kararlarymyzy mälim ederis. ÝB bilen wiza meselesine çözgüt tapmak isleýäris. Wiza erkinliginiň döredilmegi hökmany. Bu gol çeken Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi bilen baglanşykly şertnamanyň bir bölegidir” diýdi.

Çawuşogly ýanwar aýynda beren beýanatynda wize erkinligi babatynda Ýewropa Bileleşigine soňky teklibi hödürlejekdiklerini habar beripdi.

“Wiza erkinligi babatynda biz soňky teklibimizi taýarladyk, üstünde köp işledik, öňümizdäki günlerde Ýewropa Bileleşigine gowşurarys” diýen Çawuşogly ÝB-den mundan beýläk bu işiň netijelenmegini islejekdiklerini mälim etdi.

Daşary işler ministri şu gün beren beýanatynda Kipr meselesiniň üstünde hem duryp geçdi.

Çawuşogly meseläni çözmek üçin örän köp tagalla edýändiklerini, emma esasan hem saýlaw döwründe grek tarapynyň ýürekden tagalla etmeýändigini belledi.

Grek tarapynyň esasan hem Kipryň golaýyndaky tebigy gaz we nebit ätiýaçlary meselelerinde ýeke taraplaýyn ýagdaýda hereket edýäniklerini dogry görmeýändiklerini nygtan Çawuşogly: “Bu babatdaky duýduyşlarymyza garamazdan, yza ädim etmedikleri üçin Türkiýe hökmünde käbir çäreler göreris” diýdi.



Degişli Habarlar