"PKK terror guramalarynyň sanawynda emma gynansakda Amerikanyň ÝPG-ä goldaw berendigini gördük”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýä guraýan saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy

702688
"PKK terror guramalarynyň sanawynda emma gynansakda Amerikanyň ÝPG-ä goldaw berendigini gördük”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň geçmişde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edendigini we gurama goldaw berendigini görendiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýä guraýan saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Tilleron duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

“Gatnaşyklarymyz ýaňadandan güýçlenmeli” diýen Çawuşogly “PKK terror guramalarynyň sanawynda emma gynansakda Amerikan hökümetiniň ÝPG-ä goldaw berendigini gördük” diýip belledi.

Çawuşogly mundan başgada Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi hakyndaky resminamalary ABŞ-na gowşurandyklaryny we bu meselede anyk tagalla garaşýandyklaryny aýtdy.

Çawuşoglyndan soň söz alan Tillerson duşuşykda esasan hem üç ugur hakynda ýagny terror guramasy DAIŞ, ykdysady gatnaşyklar we sebitdäki durnuklylyk hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde esasy hyzmatdaşdygyny aýdan Tillerson, Tramp hökümetiniň Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar