Erdogan: “Ýewfrat galkany operasiýasy Al Baba çenli ýetiriler”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin Türkiýäniň ýolbaşçylygynda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň Al Baba çenli ýetiriljekdigini mälim etdi

595160
Erdogan: “Ýewfrat galkany operasiýasy Al Baba çenli ýetiriler”

Prezident Erdogan Bursada köpçülikleýin açylyş dabarada eden çykyşynda Rakka garşy geçiriljek hereketiňem operasiýanyň bir bölegi boljakdygyny belläp: “Hyzmatdaş güýçler bilelikde hereket etmäge taýar bolsalar Rakkada DAIŞ-e garşy söweşeris. Emma terror guramalary PÝD we ÝPG bilen bile däl” diýdi.

Al Babyň terrordan saplanan bir zolak bolmalydygyny aýdan Erdogan PÝD/ÝPG-niň basyp alan Mümbiçiň hem şolar ýaly zolak bolmalydygyny habar berdi.

Milli pakt baradaky jedelleşikleri hem gün tertibe getiren Prezident Erdogan bu aýdylan sözlerden käbir töwerekleriň ynjalyksyz bolandygyny nygtap: “Yragyň gadymy şäherleri bolan Kerkük we Mosul ozal biziňkidi. Men Milli pakt diýdim diýip ynjalyksyz boldylar. Näme üçin ynjalyksyz bolýarsyňyz? Men size taryh öwredýärin, şoňa düşüniň. Bu işiň taryhynda bar. Mustafa Kemal Atatürk hem Milli pakt barada aýdyp geçmedimi?” diýdi.

Terrora garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini beren Erdogan: “Nirä gaçsaňyz gaçyň. Ahyryna çenli sizi kowalarys. Mundan beýläk terrorçylykly hüjüm bolanyndan soň dälde, bolmadan ozal batkalykdan azat bolmak üçin bu watany nesip bolsa asudalyga gowuşdyrarys. Şonuň üçin hem durmaly däl” diýip belledi.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan FETÖ agzalara ýüzlenip, bilýänlerini aýtmaklaryna çagyryş berdi.



Degişli Habarlar