Ankarada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän iki terrorçy bedenindäki bombalary ýardy

Öli ýagdaýda ele salynan terrorçylaryň şahsyýyeti anyklanyldy

585263
Ankarada hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän iki terrorçy bedenindäki  bombalary ýardy

Ankarada bombaly ulag bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän iki terrorçy Haýmana ýolunyň ugrunda polisiň “boýun egiň” çagyryşyna gulak asman bedenindäki bombalary ýardy.

Ankaranyň gubernatory Erdogan Topaja Diýarbakyrdan berlen duýduryşa laýyklykda Haýmana ýolunyň ugrunda terrorçylaryň ulagynyň tapylandygyny aýtdy.

Polisiň “boýun egiň” çagyryşyna gulak asmadyk terrorçylar bedenindäki bombany ýardy.

Öli ýagdaýda ele salynan terrorçylaryň şahsyýyeti anyklanyldy.

Barlagda 200 kilogramlyk plasmas partlaýjy madda ele geçirildi.

Terrorçylaryň terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň bardygy öňe sürülýär.

 



Degişli Habarlar