Prezident Erdogan asylsyz ermeni garaýyşlaryna goldaw beren Germaniýany berk tankyt etdi

Prezident Erdogan Stambulyň Sabahattin Zaim uniwersitetinde geçirlen gutardyş dabarasyna gatnaşdy

504684
Prezident Erdogan asylsyz ermeni garaýyşlaryna goldaw beren Germaniýany berk tankyt etdi

Prezident R. T. Erdogan toslama ermeni garaýyşlaryny Mejlisde ykrar eden Germaniýanyň ilkinji nobatda Holokostyň hasabyny bermelidigini aýtdy.

Prezident Erdogan Stambulyň Sabahattin Zaim uniwersitetinde geçirlen gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada uçrumlara ýüzlenen Prezident Erdogan asylsyz ermeni garaýyşlaryna goldaw beren Germaniýany berk tankyt etdi.

Prezident Erdogan “Siz toslama eremeni gyrgynçylygy eger bar bolsa sese goýulşyga hödürlejek iň soňky ýurt”diýdi.

Edil ynsanlar ýaly döwletleriň hem goýup giden miraslary bilen hatyralanýandygyny aýdan Erdygan Selçuk, Osmanly we Babur soltanlygy ýaly döwletleriň ylyma, medeniýete, sungata we syýasata uly goşant goşandygyna ünsi çekdi.

 Türkiýäniň hem bütin dünýäde adamzadyň eşretli durmuşda ýaşamagyna goşant goşandygy üçin takdyr edilýändigini aýdan Prezident Erdogan; “Afrikanyň çar tarapynda ýaşaýanlar bizi güler ýüzli garşylaýar. Çünki materikde baknalyk tagmasy bilen hapalanmadyk ter-tämiz taryhymyz bar. Günbatar Afrikanyň esasan hem Ýewropaly kolonýalistlere garşy göreşinde sebitiň halklaryna ähli mümkinçiligi bilen goldaw berdi. Atalarymyz olary hemaýat astyna aldy ýeri gelende harby topar ugratdy” diýip belledi.

Prezident Erdogan şu günki günde Türkiýä adam hukuklary dersini bermäge synanşýan ýurtlaryň ählisiniň Afrikadaky taryhlarynyň gan, göz ýaşy, gyrgynçylyk we genosit bilen ýugrulandygyny aýtdy.

Çykyşynda “Biziň taryhymyz gyrgynçylyklar taryhy däldir. Biziň taryhymyz merhemet taryhydyr. Aramyzdaky tapawut budyr”diýen Prezident Erdogan Türkiýede 100 müňe golaý ermeniniň bardygyny ünsi çekdi.

Prezident Erdogan “Şol ermenileriň ýarysy biziň raýatymyz, ýarysy bolsa raýatymyz däl. Edil Siriýadan we Yrakdan gelenleri nähili myhman alýan bolsak Ermenistan gelenleri hem edil şonyň ýaly ýurdumyzda myhman alýarys. Eger biz ermenilere duşman bolan bolsadyk şol gelenleriň ählisini Ermenistana yzyna ugradardyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar