AK partiýanyň başlyklygyna Binaly Ýyldyrym saýlandy

Ýyldyrymyň ýeke täk dalaşgär hökmünde gatnaşan saýlawlarda 1 müň 470 delegatyň 1 müň 411-si ses berdi

495650
AK partiýanyň başlyklygyna Binaly Ýyldyrym saýlandy
ak parti kongre 1.jpg

Türkiýäni takmynan 14 ýyl bäri arakesmesiz dolandyrýan Adalat we ösüş partiýasynyň nobatdan daşary 2-nji gurultaýynda partiýanyň 3-nji gezek başlklygyna 1 müň 405 delagtyň sesini alan Izmiriň deputaty we Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Binaly Ýyldyrym saýlandy

Ýyldyrymyň ýeke täk dalaşgär hökmünde gatnaşan saýlawlarda 1 müň 470 delegatyň 1 müň 411-si ses berdi.

Binaly Ýyldyrym 1 müň 405 ses alyp Adala we ösüş paetiýasynyň başlyklygyna saýlandy. Saýlawlarda 6 delegatyň sesi güýçsiz diýip yglan edildi.

Binaly Ýyldyrym R.T. Erdogandan we Ahmet Dawutoglyndan soň partiýanyň 3-nji başlygy boldy.

Prezident R.T. Erdogan: “Prezidentlige ant içen günüm, AK partiýa bilen hukuk taýdan gatnaşygym kesilen bolup biler, emma siz bilen köňül gatnaşygym kesilmedi we nesip bolsa hiç wagt kesilmez” diýdi.

Erdoganyň ýüzlenmesi AK partiýanyň nobatdan daşary 2-nji gurultaýynda okaldy.

Erdogan ýüzlenmesinde: “Hormatly diwan, Ak partiýanyň hormatly başlygy, gurultaýa gatnaşýan gadyrdan myhmanlar, syýasy durmuşym boýunça bilelikde ýol ýörän, bilelikde göreş alyp baran, ençeme başarnyklary bilelikde ýeten gadyrdan doganlarym, hanymlar, jenaplar we hormatly ýaşlar, sizi hormat, söýgi we hesret bilen salam ugradýaryn. AK partiýanyň 2-nji nobatdan daşary gurultaýynyň başarnykly ýagdaýda geçmegini dileýärin. Ak partiýanyň wekilleri tarapyndna saýlanjak partiýanyň täze başlygyny we partiýanyň dolanşyk organlarynda wezipe beriljek dostlarymy şu wagtdan gutlaýaryn. Esaslandyrylanyndan bäri kysmaty ýurduň kysmaty bilen meňzeş bir herekete öwrülen AK partiýa üçin bu gurultaý döwür gowşuryş pursady, güýç we motiwasiýanyň täzelenmegi ýaly görýärin” diýdi.

AK partiýanyň başlygy we Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem AK partiýa gurultaýynyň hoşlaşyk däl wepalylyk gurultaýydygyny belledi.

Dawutogly: “Wezipeler, ýerler bilen hoşlaşarys doganlar emma andymyz, ýörelgelerimiz, dawamyz  bilen hiç wagt hoşlaşmarys” diýdi.

Davutoğlu;

Adalat we ösüş partiýasynyň 2-nji nobatdan daşary uly gurultaýynda 1 müň 282 delegatyň goly bilen AK partiýanyň başlyklygyna ýeke täk dalaşgär hökmünde görkezilen Binaly Ýyldyrym bolsa: “Rejep Taýýip Erdogan milletiň adamsydyr, beýik Türkiýäniň ýadamaýan goragçysydyr. Hemişe başymyz dik bolup Men Rejep Taýýip Erdoganyň ýol dosty, kysmat dosty, köňül dosty diýdim. Bundan soň hem diýmegimi dowam etdirerin. Hormatly Prezidentim söz berýärin, söýgiň söýgümizdir, ýoluň ýolumyzdyr” diýip belledi.

Ýyldyrym terrorra garşy operasiýalar bilen baglanşykly: “Bu ýerden milletime ýüzlenýärin, sebitde ýaşaýan raýatlarymyzyň howpsyzlygy, asudalygy üpjün edilýänçä çenli bu operasiýalar dowam eder. Eli ganly PKK ýaragly hüjümlerini bes edýänçä çenli bu operasiýalar arakesmesiz dowam eder” diýdi.


Etiketkalar: #Ýyldyrym , #Erdogan , #Dawutogly

Degişli Habarlar