Türkiýe Katarda harby baza açar

Möhüm ylalaşyga Premýer ministr Dawutoglynyň Katara guran saparynyň dowamynda gol goýuldy

480579
Türkiýe Katarda harby baza açar

Türkiýäniň dostlaryny ýeke goýmaýandygyna ünsi çeken Premýer ministr Dawutogly, Kataryň Türkiýä bolan ynamy üçin sagbolsun aýtdy.

Ylalaşyk Ýakyn Gündogar sebitiniň başdan geçirýän dartgynlyk döwri göz öňünde tutulanda uly ähmiýete eýe.

Terrora garşy halkara göreş, bilelikdäki howpsyzlyk we sebitde ýerleşýän ýurtlardaky syýasy durnuksyzlyk harby bazanyň eýe bolan ähmiýetini hasam artdyrýar.

Katardaky “köp maksatly” harby baza, doly güýjüni ýetende müňden gowrak türk esgeriniň iş alyp barmagy meýilleşdirilýär.

Baza howa we deňiz güýçleri bilen ýörite harby güýçlere degişli harby toparlar hem-de türgenleşdirijiler ornaşdyrylar.

Türkiýäniň Katardaky harby bazasy esasan tälim we bilelikdäki harby türgenleşikler üçin peýdalanylar.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Katardaky saparynyň çäginde Katarda ornaşýan Türk harby bölümine baryp görenden soň Katar uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy.

Hamasyň Syýasy býurosynyň ýolbaşçysy Halid Al Maşal bilen hem duşuşan Dawutogly, soň Siriýanyň oppozision toparynyň gepleşik toparynyň başlygy Riýad Hijab bilen görüşdi.

Katardaky iki günlük resmi saparynyň tamamlan Ahmet Dawutogly düýn gije Ankara dolanyp geldi.



Degişli Habarlar