Angela Merkel Gaziantep welaýatyna geler

Germaniýanyň Premýer ministri Angela Merkel ertir Türkiýäniň Gaziantep welaýatyna geler

476138
Angela Merkel Gaziantep welaýatyna geler

Merkel Gaziantep welaýatyndaky bosgunlaryň galýan çadyr şäherçelerine baryp görer.

Angela Merkele ÝB-niň Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermans ýoldaşlyk eder.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Merkel, Tusk we Timmermansyň çadyr şäherçelerine etjek zyýaratlarynda ýalňyz goýmaz.

Merkel we ýanyndaky ÝB wekilleri bosgunlar meselesinde ediljek işleri ýakyndan görerler.

Merkeliň Türkiýe sapary Ýewropada ýakyndan gyzyklanylýar.

Gaziantep sapary Merkeliň bosgun meselesi babatynda Ankara bilen bilelikde hereket etmek niýetindediginiň görkezijisi hökmünde häsýetlendirilýär.

Türkiýäniň diňe Gaziantep welaýatynda Germaniýadaky ähli bosgunlaryň 30 göterimine barabar siriýaly bar.



Degişli Habarlar