Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz şu gün Ankara gelýär

Şa Salmanyň Ankarada boljak myhmanhanasynda 1 hepdeden bäri dowam edýän taýarlyklar tamamlandy

468574
Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz şu gün Ankara gelýär

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde şu gün Ankara gelýär.

Uly topar bilen geljek Şa Salmanyň Ankarada boljak myhmanhanasynda 1 hepdeden bäri dowam edýän taýarlyklar tamamlandy.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Ankaradaky resmi gepleşikleriniň çäginde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanar.

Erdogan bilen Salman özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berer.

Saud Arabystanynyň Şasy Salmanyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, bosgun meselesi, terror guramalaryna garşy göreş bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler.

Şa Salman 13-nji aprelde Ankaradaky resmi gepleşiklerini tamamlandan soň aprel aýynyň 14-15-i aralygynda Stambulda geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji Yslam maslahatyna gatnaşar.



Degişli Habarlar