Kalyn metbugat ýygnagyny geçirdi

İbrahim Kalyn, Bohmermann barada gozgalan derňew işi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy

468983
Kalyn metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn nemes teleýaýlymynda Prezident R.T.Erdogan barada kemsidiji satira gepleşigini taýarlan Žan Bohmermann barada gozgalan derňew işi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Onuň nemes hukuk organlarynyň jogapkärçiligindäki işdigini aýdan İbrahim Kalyn: “Emma şuny nygtasym gelýär, bir ýurduň Prezidentine we bir halka garşy şeýle kemsidiji sözleriň söz we metbugat azatlygy bilen hiç hili baglanşygy ýok. Dünýäniň her ýerinde bu kemsitmedir, jenaýatdyr" diýdi.

İbrahim guran metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Siriýa meselesinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen gepleşiklerde ÝPG/PÝD ýaly terror guramalary boýunça Türkiýäniň pozisiýasynyň açykdygyny nygtan Kalyn, bularyň Siriýanyň hökümeti we terror guramasy PKK bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerine ünsi çekdi.

Russiýanyň Siriýanyň Halap şäherindäki operasiýalar bilen goldaw berendigini hem ýatladan İbrahim Kalyn, resmi Moskwany tanky edip: “Bir tarapdan “çaknyşyklar dursun" diýip, ähli halkara jemgyýetçiliginiň goşandy we goldawy bilen ylalaşyk gazanylýar, emma beýleki tarapdan-da Halapda, İdlibde, başga ýerlerde DAEŞ-e garşy göreşýäris" bahanasy bilen operasiýalary dowam etdirýärsiňiz" diýdi.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Türkiýäniň Halapdan gelmegi ähtimal göç tolkuny baradaky aladalarynyň dowam edýändigini aýtdy.

“Gepleşikler dowam edýär. Türkiýäniň pozisiýasy belli. Entek ylalaşyk gazanylmady. Gazada kadaly ýaşaýyş şertleriniň ornaşdyrylmagy üçin erjellik etdik. Palestina goýlan gabawyň bes edilmegi, Palestinanyň 49 ýyllyk ýerleri halas edilmeli" diýdi.



Degişli Habarlar