Diýarbakyrdaky hüjümi guran hüjümçi tussag edildi
Hüjümi terror guramasy PKK öz üstüne alypdy
463294
Diýarbakyrda 7 polis işgäriniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi guran hüjümçi Diýarbakyryň Kojaköý etrabynda tussag edildi.
Diýarbakyr şäheriniň Baglar etrabynda polis kerweniniň geçýän wagty terrorçylar tarapyndan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 7 polis işgäri şehit boldy, 13-i polis bolan 27 adam ýaralandy.
Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy PKK-nyň öz üstüne alan hüjüm bilen baglanşykly 9 adam göz tussaglygyna alyndy.
Degişli Habarlar
Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
Erdogan, Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.