Hakkaride bir polis işgäri şehit boldy

Beýleki tarapdan bolsa 3 welaýatda ýene-de 11 terrorçy öldürildi

462196
Hakkaride bir polis işgäri şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda dowam etdirilýän operasiýada howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň 1 işgäri şehit boldy.

Beýleki tarapdan bolsa Şyrnak, Mardin we Hakkari welaýatlarynda ýene-de 11 terrorçy öldürildi.

Baş ştab sebitdäki operasiýalaryň soňky netijeleri barada beýanat berdi.

Beýanata laýyklykda Mardin welaýatynyň Nusýbin etrabynda 6, Şyrnakda 4, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrbynda 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýüksekowada şeýle hem elde ýasalan 13 partlaýjy, 4 granatamýot we olaryň ok-därileri bilen bilelikde köp sanda kalaşnikow tüpeňi ele salyndy.



Degişli Habarlar