Terrorçylar Diýarbakyrda polisiýa işgärlerini nyşana aldy

Terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde polisiýa gullugynyň 4 işgäri ýaralandy

403473
Terrorçylar Diýarbakyrda polisiýa işgärlerini nyşana aldy

Türkiýäniň Diýarbakyr welaýatynyň Merkez Sur etrabynda düýn agşam polisiýa gullugynyň bronlanan ulagyna terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1-i agyr 4 polisiýa gullugynyň işgäri ýaralandy.
Hüjümiň yz ýanyndan Sur etraby howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gabaw astyna alynyp, giň-gerimli operasiýa başladyldy.
Diýarbakyr şäherinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen 400 kg partlaýjy madda ele salyndy we birnäçe wagt soň ýok edildi.
Etrapda köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär.
Beýleki tarapdan bolsa Şyrnak welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-dan gaçan 8 terrorçy howpsyzlyk gullugynyň işgärlerine boýun egdi.
Soňky 2 ýylyň dowamynda guramadan gaçan terrorçylaryň sany 1 müň 87 adama ýetdi.
Boýun egen terrorçylar bilen baglanşykly kazyýet işi gozgaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar