Rus uçary urlup düşürildi

2 uçarmanyň paraşutdan böküp halas bolandygy ýatladyldy

421499
Rus uçary urlup düşürildi

Siriýanyň Baýyr-Bujak etrabynda türk serhedini bozan rus harby uçary türk F-16 uçarlary tarapyndan urlup düşürildi.
Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar Prezident R. T. Erdogana telefon edip Su-24 kysymly rus uçarynyň türk serhedini bozandygy sebäpli urlup düşürlendigi hakynda maglumat berdi.
Harby çeşmeler uçara ilki duýduryş berlendigini emma rus harby uçarynyň uçarmanynyň duýduryşa gulak asmandygyny nygtady.
2 uçarmanyň paraşutdan böküp halas bolandygy ýatladyldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Çankaýa köşgünde ýekşenbe güni geçirlen howpsyzlyk maslahatynda serhetde berk howpsyzlyk çäreleriniň görülmegi hakynda görkezme beripdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar