Daglyja etrabynda 3 esger şehit boldy

Hüjümde biri agyr 6 esgerimiz hem ýaralandy

411155
 Daglyja etrabynda 3 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Daglyja etrabynda guralýan harby operasiýanyň çäginde bolan çaknyşyklarda 3 esger şehit boldy, 6 esger ýaralandy.
Sebitde çaknyşyklar dowam edýär.
Baş ştab tarapyndan berlen beýanatda “Daglyja etrabynyň golaýynda guralýan harby operasiýalaryň çäginde bolan çaknyşykda gahryman 3 esgerimiz şehit boldy, biri agyr 6 esgerimiz hem ýaralandy” diýildi.
Ady agzalýan operasiýalarda häzire çenli 17 terrorçy hem öldürildi.


 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar