Nobat kasam edişlik dabarasynda

Halk deputatlary sişenbe güni kasam eder

309678
Nobat kasam edişlik dabarasynda

Ýokary saýlaw geňeşiniň 25-nji çagyrlyş halk deputatlarynyň saýlawynyň resmi netijelerini beýan etmeginden soň nobat kasam edişlik dabarasyna geldi.
25-nji çagyrlyşda iş alyp barjak halk deputatlary sişenbe güni kasam edişlik dabarasy üçin sagat 15-00-de Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Asambleýasynda jemlenşer.
Mejlisiň ýaşuly agzasy Respublikan halk partiýasynyň halk deputaty Deniz Baýkalyň wagtlaýyn ýolbaşçylyk etmeginde jemlenişjek mejlisde halk deputatlary welaýatlaryna görä kürsä gelip kasam eder.
Şol gün Mejlisiň başlygynyň saýlanmagy üçin saýlaw etaby hem başlar.
5 günüň dowamynda dalaşgärler Mejlisiň başlyklygy üçin Başlyklyk diwanyna ýüz tutar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar