Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy

Erdogan Azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy

302388
Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy

Prezident R. T. Erdogan 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gitdi.
Erdoganyň uçary ir sagat 8-00-da Esenboga howa menzilinden Azerbaýjana uçdy.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Prezident R. T. Erdoganyň 2 günlük resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar
Prezident Erdogan Türkiýe wagty bilen sagat 18-00-da 49 ýurtdan 6 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçiriljek 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.
Prezident Erdogana saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz bilen Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç ýoldaşlyk edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar