Erdogan täze hökümet bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T Erdogan täze hökümetiň iň gysga wagtyň içinde gurulmalydygyny nygtady

301458
Erdogan täze hökümet bilen baglanşykly beýanat berdi

Paýtagt Ankarada geçirilen 4-nji Daşary ýurtly talyplaryň gutardyş dabarasyna gatnaşan Prezident Erdogan ol ýerde 7-nji iýunda geçirilen parlament saýlawlaryň netijeleri barada beýanat berdi.

Prezident syýasy partiýalaryň saýlawyň netijeleri barada pikir edip jogapkärçiligi öz üstüne almalydyklaryny belledi.

Saýlawyň netijelerine ähli adamlaryň hormat goýmalydygyny nygtan Erdogan: “Milletiň isleglerine ähli adamlar hormat goýmalydyr. Her bir adam häzirlikçe egoizmini aýyrmaly” diýdi.

Prezident Erdogan täze hökümetiň gurulmagy üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar