"Ýer ýüzündäki ähli dartgynlyklar düzediş ady astynda ýüze çykarylýar"

Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez “Ýewropada yslam gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň başynda durmaga dowam eder. Geljek döwürde yslamafobiýa garşy düýpli çäreler görüler” diýdi

276816
"Ýer ýüzündäki ähli dartgynlyklar düzediş ady astynda ýüze çykarylýar"

Din işleri guramasynyň soňky ýyllarda ähliumumy ýagşylyk hereketine öwrülendigini, berýän hyzmatlarynyň hiliniň şol düşünjä laýyklykda ýola goýulmalydygyny aýdan Görmez, Din işleri guramasynyň hem ýurduň içinde hem-de daşynda uly işleri durmuşa geçirýändigini nygtady.
Musulman ýurtlarynyň taryhynyň iň agyr döwürlerinden birini başdan geçirýändigini nygtan Mehmet Görmez “İlki bilen jebisligimizi, agzywirligimizi, doganlygymyzy berçinleşdireliň we şoňa laýyklykda hereket edeliň” diýdi.
Görmez adamlary abatlaman ýer ýüzüni abatlamagyň mümkin däldigine ünsi çekip, dünýädäki baş-başdaklyklaryň “düzediş” ady astynda ýüze çykarylýandygyny gürrüň berdi.
Mehmet Görmez “Uruşlaryň ählisi, ýykyp-ýumurmalar, azatlyklary we demokratiýany ornaşdyrmak ady astynda edilýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar