Heýgel Ankarada saparda boldy

Heýgel Çankaýa köşgünde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi

119005
Heýgel Ankarada saparda boldy


ABŞ-nyň Goranmak ministri Çak Heýgel düýn Ankarada saparda boldy.


Çak Heýgel Gürjistana guran saparyndan soň düýn Ankara geldi.


Heýgel Ankarada ilki Baş ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel bilen duşuşdy.


Heýgel soň bolsa Çankaýa köşgünde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.


Kabul edilşikde YDYD guramasy tarapyndan abanýan howp bilen sebitara we halkara meselelere garaldy


Heýgel saparynyň çäginde Atatürkiň kümmetini zyýarat etdi we kümmete gül desselerini goýdy.


ABŞ-nyň Goranmak ministri Heýgel Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen hem duşuşdy.


45 minut dowam eden duşuşykda Dawutogly bilen Heýgel iki ýurduň goranyş senagaty taýdan edýän hyzmatdaşlygy barasynda pikir alyşdy.


Duşuşykda Ukrainanyň, Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hem seljerildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar