Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider

Jewdet Ýylmaz Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar.

2133914
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz ertir resmi sapar bilen Özbegistana gider.

Jewdet Ýylmaz iki gün dowam etjek resmi saparynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar.

Özbegistanyň Ali Mejlisi Senadyň başlygy Tanzila Narbaýewa we Özbegistanyň Wise-premýeri Jemşit Kuçkarow bilen duşuşjak Jewdet Ýylmaz, toparara gepleşiklere hem gatnaşar.

Işewür adamlary bilen hem duşuşjak Jewdet Ýylmaz, saparynyň ikinji gününde Daşkentde geçiriljek Halkara 3-nji Daşkent maýa goýum forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.



Degişli Habarlar