Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Tokaýew Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
2140902
![Prezident Erdogan Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ac4a/6642/0b61/664739f11c356.jpg?time=1722042817)
Prezident R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Tokaýew telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyny maksat edinýändiklerini belledi.
Gazak kärdeşi Tokaýewi doglan güni bilen gutlan Prezident Erdogan, sil apatyny başdan geçiren Gazagystana ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/bbe2/a68f/1f21/66a25d4ba023d.jpg?time=1722042817)
Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy
Gyrgyzystanda soňky 6 aýda başdan geçirilen sil apatlarynda 22 adam ýogaldy