Azerbaýjan-Ermenistan Gepleşikleri Başlady
Iki ýurduň arasyndaky serhetleriň kesgitlenilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri Gazagystanyň Almaty şäherinde başlady.
Parahatçylyk gepleşiklerinde Azerbaýjanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan ýolbaşçylyk edýär.
Iki ýurduň arasyndaky serhetleriň kesgitlenilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, ýaňy ýakynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşypdy.
Tokaýew duşuşykda Kawkazda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmaga taýardyklaryny mälim edipdi.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/bbe2/a68f/1f21/66a25d4ba023d.jpg?time=1722045811)
Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy
Gyrgyzystanda soňky 6 aýda başdan geçirilen sil apatlarynda 22 adam ýogaldy