857 Ýyllyk Notr Dam Katedraly 2024-nji Ýylda Ýaňadandan Açylar

Katedralyň abatlaýyş işleri üçin dünýäniň çar tarapyndan jemi 844 million ýewrolyk pul ýygnalypdy.

1861224
857 Ýyllyk Notr Dam Katedraly 2024-nji Ýylda Ýaňadandan Açylar

Fransiýanyň simwoly hökmünde bilinýän we söweşlere garamazdan öz durkuny gorap saklan dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan 857 ýyllyk Notr Dam katedralynyň 2024-nji ýylda ýaňadandan açyljakdygy habar berildi.

Fransiýanyň Medeniýet ministri Rima Abdul Malak, 2019-njy ýylda bolan ýangyn sebäpli uly zeper ýetirlen katedralyň abatlaýyş işleriniň 2024-nji ýyla çenli tamamlanjakdygyny aýtdy.

Ministr Malak, taryhy Notr Dam katedralynyň 2024-nji ýylda ybadat etmek we syýahatçylar üçin ýaňadandan açyljakdygyny belledi.

Katolik buthanasynyň “Hristiýanlygyň Fransiýadaky simwoly” hökmünde görýän we 1163-nji ýylda düýbi tutulan we gurluşygy 300 ýyl dowam eden katedral üç ýyl ozal ýanypdy.

Ýangynda 857 ýyllyk katedralyň 96 metr belenligindäki minalaryndan biri dolulygyna çöküpdi we bina uly zeper ýetirlipdi.

Katedralyň abatlaýyş işleri üçin dünýäniň çar tarapyndan jemi 844 million ýewrolyk pul ýygnalypdy.



Degişli Habarlar