Muzeýler we Taryhy Ýerler Baýram Dyn Alyşynda Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekdi

Muzeýlere we taryhy ýerlere Gurban baýramy dynç alyşynda 1 million 111 müň 957 adam baryp gördi.

2155405
Muzeýler we Taryhy Ýerler Baýram Dyn Alyşynda Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekdi

Türkiýäniň taryhy we medeni mirasyny öz içine alýan muzeýlere we taryhy ýerlere 9 günlük Gurban baýramy dynç alyşynda iýun aýynyň 15-23-i aralygynda 1 million 111 müň 957 adam baryp gördi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, baýram dynç alyşynda muzeýlere we taryhy ýerlere baryp görenleriň sany artdy.

Iýun aýynyň 15-23-i aralygynda 1 million 111 müň 957 adam muzeýlere we taryhy ýerlerde baryp gördi.

Baýram dynç alyşynda 129 müň 987 adam Izmir Efese, 111 müň 27 adam Hierapolise, 36 müň 661 adam hem Kappadokiýada Göremä baryp gördi.

Iýun aýynyň 15-23-i aralygynda Antalýada Olimposa 32 müň 540, Stambulyň simwoly Galata minarasyna 30 müň 483, Newşehir Paşabaglaryna 29 müň 788, Trabzondaky Sümela manastyryna 28 müň 528, Antalýadaky Patara 28 müň 497,  Göbeklidepä 27 müň 736 we Antalýanyň Phaselise hem 27 müň 45 adam baryp gördi.



Degişli Habarlar