Türkiyäniň futbol ýygyndysy şu gün Portugaliýa bilen oýnar

Türkiyäniň milli futbol ýygyndysy 2024 Ýewropa Futbol Çempionatynyň F toparynda 2-nji duşuşygynda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen oýnar

2154760
Türkiyäniň futbol ýygyndysy şu gün Portugaliýa bilen oýnar

Germaniýanyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek çempionatda Türkiye-Portugaliýa duşuşygy Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:00-da başlar.  

Toparyň içindäki ilkinji duşuşygynda Gruziýany 3-1 hasabynda ýeňen Türkiye Portugaliýadan hem üstün çykyp, 2-nji ýeňişini gazanmagy maksat edinýär. 

Portugaliýada ilkinji duşuşygynda bolsa Çehiýany 2-1 hasabynda ýeňipdi. 

Toparyň beýleki duşuşygynda bolsa Gruziýa Çehiýa bilen oýnar. Gamburg şäherinde geçiriljek duşuşyk Türkiyäniň wagty bilen sagat 16:00-da başlar. 



Degişli Habarlar