Pamukkale 6 aýda 1 million adam geldi
Pamukkale gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar, trawertenlerde ýöremäge we şypaly suwlara girmäge höwes bildirýär
UNESCO-nyň Dünýäniň Medeni miras sanawynda ýer alýan Pamukkale üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 1 million adam gezip gördi
Deňsiz taýsyz gözellikdäki trawertenleri, şypaly suwlary we daş-töweregindäki gadymy heýkelleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän we “Ak jennet” hökmünde atlandyrlan Pamukkale gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär
Pamukkale gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar, trawertenlerde ýöremäge we şypaly suwlara girmäge höwes bildirýär.
Denizli syýahatçylyk jemgyýetiniň başlygy Gazi Murat, şu ýyl syýahatçylyk möwsüminiň bereketli geçýändigini nygtady.
Gazi Murat “Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ak jennete gelen syýahatçylaryň sany 1 milliondan geçdi. Geçen ýylyň degişli döwründe ak jenneti görmäge 780 müň adam gelipdi. Syýahatçy sanymyz 23 göterim artdy. Ýylyň ahyryna çenli 3 million syýahatçynyň gelmegine garaşýarys” diýdi.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
“Resilient Lady” atly kruiz gämisi 2 müň 540 ýolagçysy bilen Muglanyň Bodrum etrabyna geldi.