Woleýbolçy Gyzlar Milletler Ligasynda Final Bäsleşiklerine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Dominik Respublikasyny 3-1 hasabynda ýeňen woleýbolçy gyzlar, guramaçylykdaky 10-njy bäsleşiginde 8-nji ýeňişini gazandy.

2152844
Woleýbolçy Gyzlar Milletler Ligasynda Final Bäsleşiklerine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FIVB Milletler ligasynyň final bäsleşiklerine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Gonkongda geçirilýän Milletler ligasynyň üçünji etabynda Dominik Respublikasyny 3-1 hasabynda ýeňen woleýbolçy gyzlar, guramaçylykdaky 10-njy bäsleşiginde 8-nji ýeňişini gazandy.

24 bala eýe bolan Türkiýe şeýlelikde final bäsleşiklerine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Milletler ligasynda üçünji hepdesinde 16 komanda bäsleşýär. Etapda ilkinji 8-likde ýer alan komandalar final bäsleşiklerine gatnaşar.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy geçen ýyl Milletler ligasynda çempion bolupdy.



Degişli Habarlar