247 suratkeş Gazadaky zalymlygy suratlandyrdy

Stambulda Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümleriniň 247-nji gününde 247 suratkeş, "Zalymlygyň suratyny çek" atly sungat aksiýasynda bir ýere jemlendiler

2151053
247 suratkeş Gazadaky zalymlygy suratlandyrdy
gazze resim.jpg
gazze resim.jpg
gazze resim.jpg
gazze resim.jpg

Aýasofýa metjidiniň öňündäki meýdançada geçirilen çärede suratkeşler, Gazada başdan geçirilýän zalymlygy surat çekip protest etdiler.  

Sungadyň güýji bilen zuluma garşy sesiňi gataltmak we Gazada başdan geçirilýän genoside ünsleri çekmek maksady bilen amala aşyrylan çärede, ýaş we ussat suratkeşleriň Palestina temaly suratlary bilen birlikde Gazada şehit edilen bäbekleriň ganly egin-eşiklerine we oýunjaklaryna wekilçilik edýän gurnamalar ýerleşdirildi. 

Bütin gün tapawutly çäreler bilen dowam eden programma, suratkeşler bilen birlikde surat muşdaklary, köp sanda raýat we syýahatçylar gyzyklanma bildirdi. 


Etiketkalar: #bäbek , #palestinaly , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar