VI Etnosport Medeniýet festiwaly şu gün Stambulda başlar

Festiwal dürli ýaşdaky myhmanlary özüne çekýän çäreler hödürlär

2149209
VI Etnosport Medeniýet festiwaly şu gün Stambulda başlar

Bütindünýä Etnosport konfederasiýasy tarapyndan şu ýyl 6-njy gezek geçirilýän festiwal 4 gün dowam eder. Stambul Atatürk howa menzilinde geçiriljek çärede, myhmanlar ähli çärelere mugt ýagdaýda gatnaşyp bilerler.  

Etnsport Medeniýet festiwalyna dünýäniň 30 ýurdundan türgenler gatnaşar. Festiwalda spordyň milli görnüşleri, oýunlar, milli sungatlar, gastronomiýa, sahna sungady ýaly ençeme ugur boýunça çäreler geçiriler. 

Festiwal dürli ýaşdaky myhmanlary özüne çekýän çäreler hödürlär.

Myhmanlar hünärmenleriň ýoldaşlyk etmeginde geçiriljek ýaý atmak, ata münmek ýaly ençeme spordyň milli görnüşlerine we oýunlara mugt ýagdaýda gatnaşyp bilerler. Şol bir wagtda meýdandaky ussahanalarda milli sungat bilen bagly tejribä eýe bolmak mümkinçilige eýe bolarlar. 

Myhmanlara biri-birinden tapawutly tejribeler hödürlejek Bütindünýä Etnosport konfederasiýasy, dünýä aşhanasyndan tagamlary myhmanlara hödürlär. 

Spordyň milli görnüşlerini we oýunlary janlandyrmagy maksat edinýän Bütindünýä Etnosport konfederasiýasy, Türkiyäniň Surat sungaty federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda VI Etnosport Medeniýet festiwalynyň çäginde surat bäsleşigini gurar.



Degişli Habarlar