Meşhur ştangist Naim Süleýmanoglu aradan çykdy

Bejergi alýan hassahanasynda 50 ýaşynda ýogalan asyryň türgeni hökmünde häsýetlendirilýän Naim Süleýmanoglu aradan çykdy

850587
Meşhur ştangist Naim Süleýmanoglu aradan çykdy
naim süleymanoğlu.jpg

Naim Süleýmanoglu olimpiýa oýunlarynyň, dünýäniň we Ýewropanyň ençeme gezek çempiony bolupdy. 

Naim Süleýmanoglunyň Stambul şäherindäki Fatih metjidindäki jynaza çäresine ýurdyň Premýer ministri Binali Ýyldyrym, TBMM-niň başlygynyň wekili Akif Hamzaçebi, Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak, sport, syýasat we sungat dünýäsinden ençeme adam gatnaşdy.

Naim Süleýmanoglu Edirnekapyda Milli türk şahyr Mehmet Akif Ersoýyň ýanyna jaýlandy. 

Türkiýe üçin ilkinji olimpiýa oýunlarynyň medalyny alan Naim Süleýmanoglu agyr atletikanyň rowaýata öwrülen adamsy boldy.

Olimpiýa oýunlarynyň 3 gezek, dünýä çempionatynyň 8 gezek çempiony bolan türkiýeli ştangist 46 gezek rekord goýdy. 

 



Degişli Habarlar