Rim Döwrüne Degişli 2 Heýkel Tapyldy
Ministr Ersoý, gadymy Aspendos şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri hakynda maglumat berdi
![Rim Döwrüne Degişli 2 Heýkel Tapyldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/5399/295e/d171/66544d8ca0fb8.jpg?time=1722045785)
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Antalýadaky gadymy Aspendos şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde Rim döwrüne degişli 2 heýkeliň tapylandygyny aýtdy.
Ministr Ersoý, sosial mediadan beren habarnamasynda “Gelejege Miras” taslamasynyň çäginde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň yzygiderli ýagdaýda dowam edýändigini nygtady.
Gadymy Aspendos şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri hakynda maglumat beren Ersoý,
“Antalýadaky gadymy Aspendos şäherinde “Gelejege Miras” taslamasynyň çäginde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde Rim imeratorlygy döwrüne degişli 2 heýkel tapyldy. Zeus we Afroditiň 2 müň ýyllyk jadylaýjy feswirleri, iki gatly dükanlar-Stoa kompleksinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde gün ýüzüne çykaryldy. Eserleriň ýurdumyzyň medeniýeti we syýahatçylyk pudagy taýdan düşümli bolmagyny dileýärin” diýip belledi.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722045785)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.