Bob Dylan Nobel Edebiýat sylagyny şu hepdäniň ahyrynda alar

Dylon geçen ýyl Nobel Edebiýety sylagyna laýyk görülipdi, emma 10-njy dekabrda Stokgolmde geçiilen dabara gatnaşyp bilmändi

701879
Bob Dylan Nobel Edebiýat sylagyny şu hepdäniň ahyrynda alar

Şwesiýanyň Şa Bilim akademiýasy geçen ýyl Nobet Edebiýat sylagyna laýyk görülen emma dabara gatnaşyp bilmedik amerikaly sazanda Bob Dylonyň sylagyny şu hepdäniň ahyrynda aljakdygyny mälim etdi.

Şwesiýanyň Şa Bilim akademiýasynyň hemişelik sekretary Sara Danius beren ýazmaça beýanatynda 2 aýry konsertde çykyş etmek üçin şu hepdäniň ahyrynda Şwesiýa gelmegi meýilleşdirýän amerikaly sazanda Bob Dylonyň akademiýanyň işgärleri bilen duşuşyk geçireninden soň öz üçin geçiriljek dabara gatnaşjakdygyny, dabaranyň gysga we metbugata ýapyk ýagdaýda geçiriljekdigini habar berdi.

Dylon geçen ýyl Nobel Edebiýety sylagyna laýyk görülipdi, emma 10-njy dekabrda Stokgolmde geçiilen dabara gatnaşyp bilmändi.

 



Degişli Habarlar