“Älemlere Rehnet” Halkara gysga metražly kino film bäsleşiginiň baýraklar eýelerine gowşuryldy

Bäsleşikde 15 film bäsleşdi

675838
“Älemlere Rehnet” Halkara gysga metražly kino film bäsleşiginiň baýraklar eýelerine gowşuryldy

Hezreti Muhammediň  ahlak taýdan göreldeli we sada durmuşynyň tanyşdyrylmagyny maksat edinýän bäsleşikde 15 film bäsleşdi.

Siýer Gaznasy tarapyndan “Älemlere Rehnet Halkara gysga metražly kino film” bäsleşiginiň baýrak gowşurlyş dabarasy Haliç kongres merkezinde geçirildi.

Şu ýyl üçünji gezek halkara derejesinde geçirlen gysga metražly kino film bäsleşigi “Kämil İman kâmil ynsan” temasy bilen geçirildi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde geçirilen bäsleşikde 15 film finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşige gatnaşan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy şuňa meňzeş çäreleriň ýygy-ýygyndan geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Festiwalda birinjilik baýragyny gyrgyz kino režisýor Kasiýet Djoldoşbekowanyň “Ýalňyzlyk” atly filmi aly.

Kino režisýor Elif Ýükseliň “Durmuş bu” atly filmi ikinji, Mehmet Nişanjynyň “Heny” atly kisga filmi hem üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar