Şenol Göka 15-nji iýul gijesi makedoniýalylaryň beren goldawy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi

TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka, Makedoniýanyň ilkinji sigan Döwlet ministri Musfata Nejdet bilen duşuşdy

580754
Şenol Göka 15-nji iýul gijesi makedoniýalylaryň beren goldawy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi

Balkan ýurtlarynyň Media işgärleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Makedoniýa giden TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka, Makedoniýanyň ilkinji sigan Döwlet ministri Musfata Nejdet bilen duşuşdy.

Mustafa Nejdet Türkiýäniň özleri üçin diýseň möhümdigini nygtady.

TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka bolsa 15-nji iýul gijesi makedoniýalylaryň beren goldawy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Türkiýe bilen Makedoniýanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýär.

İki ýurduň arasyndaky şol bag 15-nji iýul gijesi hem özüni görkezdi.

Türkiýeden ýüzlerçe kilometr alysda ýerleşýän Makedoniýada halk Türkiýä goldaw bermek üçin köçä çykdy.

Dünýädäki ýeke-täk sigan telewideniýesiniň eýesi bolan Mustafa Nejdet, Şenol Gökadan TRT-niň telewideniýe kanallaryna goldaw bermegine garaşýandyklaryny aýtdy.

 


Etiketkalar: #TRT , #Şenol Göka , #duşuşyk

Degişli Habarlar