Türkiýe Polşadan üstün çykdy

Türkiýäniň Milli basketbol ýygyndysy Polşanyň ýygyndysynydan 57-54 hasabynda üstün çykdy

302059
Türkiýe Polşadan üstün çykdy

Türkiýe Rumyniýanyň we Wengriýanyň bilelikde geçirýän 5-nji FIBA Zenanlar Ýewropa basketbol çempionatynda Polşadan 57-54 hasabynda üstün çykyp, ilkinji ýeňişini gazandy.
Oýunyň ilkinji çärýegini 17-11 hasabynda tamamlan Polşa oýunyň 2-nji çarýeginde hem 33-26 hasabynda üstün çykdy.
3-nji çarýege gowy başlap we 43-42 hasabynda tamamlan Türkiýäniň ýygyndysy, bäsleşikde 57-54 hasabynda üstün çykdy.
Türkiýäniň Milli basketbol ýygyndysy 2-nji oýunyny 13-nji iýunda Belarusiýa bilen bäsleşer.
B toparyndaky beýleki bäsleşikde bolsa Belarusiýa Italiýadan 85-76 hasabynda üstün çykdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar