Türkiýe radio diňlemekde Ýewropa üçünjisi

Akdogan Radio-telewideniýe žurnalistleri jemgyýetiniň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi

270349
 Türkiýe radio diňlemekde Ýewropa üçünjisi

Wise-premýer Ýalçyn Akdogan Ankarada Radio-telewideniýe žurnalistleri jemgyýetiniň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi.
Tehnalogiýa laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň ýokarlandygyny aýdan Akdogan, ösen mediada ynsanyň ähmiýetini nygtady.
Ýalçyn Akdogan “Şu gün metbugat azatlygy, metbugatyň ahlagy we demokratik metbugat ýaly adalgalardan söz edýän bolsak bularyň ählisinde ynsan esasy rol oýnaýar”diýdi.
Telewideniýe ýaýlymlary bilen birlikde radiolaryň hem ähmiýeti barada durup geçen Wise-premýer Ýalçyn Akdogan radio diňlemekde Türkiýäniň Ýewropada üçünji orny eýeleýändigini aýtdy.
Dabara Maliýe ministri Mehmet Şimşek, Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç bilen TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka hem gatnaşdy.
Dabarada Emin agzalarynyň ýörite baýragyny TRT-1 kanalynda ýaýlyma berilýän “İň gowy 7 adam” serialy bilen dokumantal film kategoriýasynda TRT Türk kanalynda ýaýlyma berilýän “Ýyldyzlar” atly film aldy.
Jengiz Polatkan ýörite baýragyna hem TRT-niň kino film taslamasy laýyk görüldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar