Müňlerçe adam "Stambul üçin" ylgady…

36-njy Stambul marafonuna 118 ýurtdan 25 müň sport söýüji gatnaşdy

192538
Müňlerçe adam "Stambul üçin" ylgady…

Erkekleriň arasynda birinji ýeri marokkoly türgen Hafid Şani, aýallaryň arasynda bolsa efiopiýaly Amane Gobena eýeledi.
Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç marafonuň startyny Stambulyň häkimi Kadir Topbaş, halk deputatlary we etraplaryň häkimleri bilen bilelikde berdi.
Sultanahmet meýdanynda gutaran 42 kilometrlik marafony marokkoly Hafid Şani 2,11,53 dereje bilen birinji ýerde tamamlady.
Aýallaryň arasynda bolsa efiopiýaly türgen Amane Gobena 2,28,46 derejesi bilen birinji ýeri eýelemegiň hötdesinden geldi.
Türk türgenleri Elwan Abeýlegesse 2,33,15 derejesi bilen bäşinji, Ümmü Kiraz bolsa 2,32,52 derejesi bilen altynjy ýerde tamamladylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar