Rize Hemşin Joraby

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2060540
Rize Hemşin Joraby

Türkiýäniň Gara deňziniň kenaryndaky Rize şäheriniň Hemşin etrabyna mahsus bolan we geçmişi 1700-nji ýyllara çenli uzap gidýän dürli reňkli joraplar, diňe bir Türkiyede däl, eýsem sebite syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylaryň kömegi bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazandy.

Hemşin joraby etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Hemşin joraplary esasanam goýunyň ýüňünden we geçiniň tüýlerinden edilen ýüpler bilen we 5 sany spitsa ulanylyp öndürilýär. Ilki bilen gyrkylan goýun ýüňi we geçiniň tüýi gowy edip ýuwulýar we guradylýar, soňra bolsa ýüň daragy bilen daralýar. Ýüňleriň gowy daralmagy birnäçe wagt soň ýüplüge egrilen mahaly, ýagny ýüpek ýagdaýyna getirilende aňsatlyk bilen gopmazlygyny üpjün edýär.  Adaty el gurallary bilen gowy edip inçeldilen we egrilen ýüpler, uly gazanda soganyň gabygy, hozyň gabygy, gyzyl kelem we çaý ýaly dürli ösümlikler bilen gaýnadylyp tebigy reňkler bilen boýalýar. Örmek işleri bolsa jorabyň aýak ujundan başlanýar we jorap gerekli ululyga ýetýänçä çenli tikişleriň sany artdyrylýar.

Milli Anadoly motiwleri we tebigy durmuş bilen baglanşykly motiwleriň ulanylýan Hemşin jorabynda, iň köp ulanylýan reňkler gyzyl, gök, ýaşyl we ak reňklerdir. Mundan başgada motiwleriň has gowy görünmegi üçin gapma-garşy reňkler ulanylýar.


Etiketkalar: #jorap , #Hemşin , #Rize

Degişli Habarlar