Zaki Walidi Togan

Türk dünýäsine bagşedilen ömürler

2144106
Zaki Walidi Togan

Başgyrtlardan bolan Zaki Walidi Togan, alymlar tarapyndan ensiklopedik alym atlandyrylýan tanymal intellektuallardan biri. Ahmet Zaki Walidow 1890-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Başgyrdystanyň Küzen obasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi Küzendäki uly medresede alan Togan rus dilini öwrenýär. Mugallyma ejesinden pars, kakasyndan bolsa arap dilini öwrenýär. Uly dogan agasy Weli mollanyň goldawy bilen taryha bolan gyzyklanmasy artýar. Agasynyň gürrüň beren dessanlaryndan ugur alyp biografiýa we taryh kitaplaryny okamaga başlaýar. Şol döwürlerde Stambuldan baran kitaplary hem okamaga başlaýar. 1902-nji ýylda goňşy obalardan birindäki medresede orta bilim almaga başlaýar. Kakasynyň, özüni öýlendirip, oba ymam etmek isleýändigini eşidenden soň ömrüniň öwrülşik nokady bolan Gazan şaherine gidýär we Kasymiýe medresesinde bilim alýar. Şeýlelikde kiçilikden pars, arap, rus we türk dillerini bilýän ukyply kadr hökmünde işe başlaýar. Ol ýerde rus gündogary öwreniji alymlary Katanow we Aşmarin ýaly alymlar bilen tanyşýar. Kasymiýe medresesinde “Türk taryhy we arap edebiýaty taryhy” mugallymy bolup işleýär. Ol wagtlar 1911-nji ýylyň ahyrynda çap eden Türk we tatar taryhy atly kitaby bilen tanalmaga başlanýar. Şol eseri bilen tanymal bolan Togan Gazan uniwersitetiniň Arheologiýa we taryh jemgyýetine agzalyga saýlanýar. Ylmy barlaglaryny dowam etdiren Togan 1912-nji ýyldan başlan Manas dessanyny, Ibn Halduny öwrenip, Türkiýede tanalýar. Irginsiz işeňňirligi bilen tanalýan alym 1913-nji ýylda Fergana, 1914-nji ýylda Buhara ylmy barlag üçin ugradylýar. Ferganada Ýusup Has Hajybyň Kutadgu Bilig atly eseriniň golýazma nusgasyny tapyp, ylym dünýasine uly goşant goşýar. 1915-nji ýylda musulman halk deputatlaryna goldaw bermek üçin Ufadan wekillige saýlanýar we Russiýadaky musulmanlaryň hukuklaryny goramak üçin işe girişýär. 1917-nji ýylyň 19-njy noýabrynda gurlan başgyrt hökümetinde Togan harby ministr bolýar. Şondan soň Lenin, Stalin we Troski bilen ençeme gezek duşuşýar we oňyn netije alyp bilmändigi üçin Türkistana geçip, ol ýerde göreşini dowam etdirýar we Türküstanda Basmaçy hereketine goşulýar. Ol ýerde Türkistan halklarynyň garaşsyzlyk göreşine goldaw berýär. Toganyň Türküstanda Enwer Paşa bilen duşuşandygy mälimdir. Türkistan sebitinde Türküstan milli bileleşigi atly gurama döredýär. 1922-nji ýylda Enwer Paşanyň şehit bolmagyndan soň Türküstanyň hakly gowgasyny daşarky dünýä düşündirmek üçin Ýewropa gidýär. Kembrij, Pariž we Berlin uniwersitetlerinden iş teklibini alýar. Emma Zaki Walidi Türkiýede işlemegi saýlap alýar.  

Ýewropadan Stambula gelende, ilki bilen Fatih Kitaphanasyna barýar. Stambul uniwersitetinde ders bermäge başlaýar. Uniwersitetde Umumy türk taryhy kafedrasyny açýar. 1925-nji ýylda türk raýatlygyna kabul edilýär. Türkiýede 1932-nji ýyla çenli işleýär. Soň 7 ýyl Ýewropada ýaşaýar. Stambula dolanyp gelen Zaki Wali Togan 1939-njy ýylda Stambulda uniwersitetinde işe başlaýar. 1944-nji ýylda Turançylyk hereketine goşulandygy sebäpli tussag edilip, 15 aý azalykdan mahrum edilýär.  1947-nji ýylda aklanyp, 1948-nji ýylda Uniwersitetdäki wezipesine dolanýar. 

Halkara derejesnde 28 ylmy maslahatda doklad bilen çykyş eden Togan, Germaniýanyň başda durmagynda Britaniýada, Eýranda, Italiýada, Hindistanda, Finlandiýada iş saparynda bolýar. Ömrüniň soňk gününe çenli işlän Zaki Walidi Togan 1970-nji ýylyň 29-njy iýulynda aradan çykýar we Stambulyň Karajaahmet gonamçylygynda jaýlanýar.

Zaki Walidi Togan köp sanly talyp ýetişdirýär we olaryň köpüsi iňňän gymmatly eserler ýazdylar. Türk milletiniň milli bitewiligi üçin ömrüni bagşeden Toganyň yzynda iki çagasy, türki dünýä üçin ýetişdiren talyplary we deňsiz 337 eseri galdy.



Degişli Habarlar