Ähli ýollar Rime barar

Çünki

2144100
Ähli ýollar Rime barar

Gepleşigimiziň bu sanynda taryhdaky zabt edişlikleri ýaly inženerçilik ukyplary bilen hem adygan Rim imperiýasy hakynda maglumat bermekçi. Afrikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň, ýagny şol döwürde bilinýän dünýäniň esasy bölegini uzak ýyllaryň dowamynda dolandyran 1500 ýyl höküm süren imperiýadan ýadygär galan bir frazanyň hekaýatyny gürrüň bermekçi. Ähli ýollar Rime barar, diýip söze başlaýarys.

Rim imperiýasynda ýol gurluşygy we abatlaýyş işleri esasy syýasy hem-de harby strategiýadyr. İmperiýanyň giňelmegi we dolanşygy üçin netijeli aragatnaşyk hem-de harby gatnaw ulgamyny döretmek maksady bilen imperatorlar ýol tory Rimiň şeýle uzak ýyllar höküm sürmeginiň esasy sebäplerinden biridir. Rimlileriň guran 200 müň inedördül kilometrden geçýän ýol tory, Rimden başlan Britaniýa, Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Ýewropada Şweýsariýa, Gündogarda Anadolyny aşyp, Eýrana çenli baryp ýetýär. Ol, argatnaşygyň, harby saparlaryň we söwdanyň ýeňillik bilen ýola goýulmagyny üpjün edip, döwleti günsaýyn güýçlendirmek taýdan gerek bolan şertleri döredýär.

Rim imperiýasynda ýollar daşdan ýa-da durnuklaşdyrylan materiallardan gurlupdyr. Şol ýollar umuman tekiz we çydamly bolupdyr. Rimiň ýollary esasanda ýoluň gyralaryndaky tratuarlary bilen tanalýar. Ýollar yzgiderli abatlanypdyr we Rimiň goşunynda ýol abatlaýyş toparlary bolupdyr.

Rimde ýollar harby we söwda ýeňillikleriniň ýany bilen imperiýanyň tapawutly sebitleri bilen halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary hem ýeňilleşdiripdir. Şol ýollaryň saýasynda Rim imperiýasynyň dürli sebitlerindäki adamlaryň arasynda maglumat, pikir we söwda akymy ýola goýulypdyr. Asyrlar boýy üznüksiz dowam eden ýol gurma syýasaty imperiýanyň giňelmegi, dolanşygy we harby güýjüniň dowam etmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

Şol ýol torunyň saýasynda bar bolan ýollaryň ählisiniň Rime, imperiýanyň paýtagtyna birikýändigini görmek bolýar. Emma “ähli ýollar Rime barar”  sözüniň aňyrsynda başga sebäp bar. Ilkinji gezek 1175-nji ýylda fransuz şahyry Ale de Lil tarapyndan aýdylan söz, 14-nji ýylda ölen İmperator Awgust bilen baglydyr. Awgust Rimiň we özüniň dünýäniň merkezinde durýandygyny görkezmek üçin paýtagtda oturdan diňini ähli ýol hasaplarynyň başlangyjy diýip yglan edýär. 300 ýyl soň tagta çykan Konstantin bolsa şuňa meňzeş Milon diňini imperiýanyň täze paýtagty Stambula gurdurýar we Stambuly dünýäniň merkezi diýip yglan edýär.


Etiketkalar: #merkez , #imperiýa , #Rim

Degişli Habarlar