Ýylan nähili bolýar-da, lukmançylyk ylmynyň simwolyna öwrülýär

Çünki

2141100
Ýylan nähili bolýar-da, lukmançylyk ylmynyň simwolyna öwrülýär

Gepleşigimiziň bu sanynda kollektiw adam aňyndan dörän we şu günki günde entegem ähliumumy derejede ulanylýan simwol hakynda maglumat bermekçi. Esasan gorky we tisginme duýgusyny emele getirýän ýylanyň nähili bolýar-da, lukmançylyk ylmynyň simwolyna öwrülendigi hakynda durup geçmek isleýäris.    

Adamzat taryhy bilen bagly tapyndylar, bilinýän ilkinji jemgyýetlerinden bäri haýwan şekilleriniň durmuşymyzda orun tutandygyny görkezýär. 45 müň ýyl ozala degişlidigi çaklanylýan, anyklanan ilkinji suratlardan bäri haýwanlar adam medeniýetiniň esasy güýjüni emele getirýar. Açylmagy bilen bar bolan taryh düşünjesini özgerden, biziň döwrümizden 12 müň ýyl ozal gurlan Göbeklidepeden bilinýän ähli mifologiýalara çenli haýwanlar hem tebigy durmuşy bölüşmek hem-de simwolik beýan etme üçin adam oglunyň peýdalanan esasy çeşmesi bolup durýar.

Mifologiýalaryň tebigy wakalar bilen, esasanda ýyrtyjy we zäherli haýwanlaryň döredýän gorkusy we adamyň soňsuz hyýal güýjiniň birleşmegi netijesinde ýüze çykandygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. Sebäbi näbelli wakalaryň düşündirilmeginde adatdan daşary güýçlere ýüz tutmak biziň günlermizde-de adamzadyň peýdalanýan usulyýetlerinden biri. Şol güýçleriň beýan edilmeginde bolsa taryhdan ozalky döwürlerden bari haýwanlaryň peýdalanylandygyny bilýäris. Mifologik obrazlar we simwollar biziň günlerimizde planetalaryň atlarynda mese-mälim özüni görkezýän hem bolsa, aslyna garalanda gündelik durmuşymyzda has ýygydan gabat gelinýän şekil bar. Ähli hassahanalarda görülýän ýylanly lukmaçylyk simwoly...

 Häzirki wagtda Luwr muzeýinde saklanýan, Sumer şasy Gudea 1-njiniň daş güberçeginde orun tutýan içgi badasynyň üstündäki biri-birine oralan görnüşde şekillendirilen iki ýylanyň saglyk tanrysy Ningissida wekilçilik edýandigi çaklanylýar. Gadymy grek we Rim mifologiýasnda hem ýylan lukmançylyk taňyrysy kabul edilýän Asklepiosy alamatlandyrýar. Hassalara şypa berýan Asklepios, üstünde ýylan oralan hasaba bilen teswir edilýär. Gadymy Messopotamiýa we Müsür medeniýetlerinde ýylanlar sagaltma we şypa bilen baglanşdyrylýan taňry simwollary hökmünde görülýar. Ýylanyň derisini çalşyp, täzelenme özbolyşlygy hem hassalykdan halas bolup, täzelenmegi beýan edýän metafora görnüşinde-de gadymy tekstlerde orun tutýar.

Ýylanyň çaklanylmasy kyn bolan hereketleri we öldüriji zäheriniň ýüze çykarýan gorkusynyň, ony sylanýan, hat-da ondan şypa tamala edilýän pozisiýa göterendigtini pikir etmek ýalňyş bolmasa gerek. Gadymy adamlaryň şol garaýyşy biziň döwrümizde başga görnüşde dowam edýär. ýylanyň zäheri derman senagatynyň peýdalanýan himiki maddalardan biridir. Sözümiziň ahyrynda farmakologiýa sözüniň özenindäki “farmakonyň” gadymy grek dilinde hem zäher hem-de derman manysyny aňladýandygyny beýan edesimiz gelýär. Şeýlelikde mowzugy 1959-njy ýylda Bütindünýä lukmançylyk jemgyýeti tarapyndan lukmançylygyň simwoly hökmünde kabul edilen hasa oralan iki ýylan ýaly adalgalary eriş-araç geçirip, tamamlalyň.


Etiketkalar: #simwol , #lukmançylyk , #ýylan

Degişli Habarlar