Afýon Mermeri

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1929461
Afýon Mermeri

Türkiyäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Afýonkarahisar şäheri, dünýä meşhur mermer gorlaryna ýer eýeçiligini edýär.

Afýonkarahisaryň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2003-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Afýon Mermeri biri-birinden tapawutly reňklere we motiwlere eýe 19 aýry görnüşi bardyr. 

Mermer Afýonkarahisar şäherinde we onuň töweregindäki etraplarda ýerleşýän magdan känlerinde almaz sim bilen kesmek, zynjyr byçgy bilen kesmek, buraw arkaly deşmek usullary bilen we uly tehnniki ulaglarynyň kömegi bilen blok, çagyl we şine diýip atlandyrylýan görnüşlerde çig mal hökmünde kesilip alynýar.

Mermer bloklar ýük ulaglaryna geçirilip, mermer işleýän fabriklere alynyp gidilýär we ol ýerde mermer plita, mermer tagta, mermer tablisa, aşhana stoly, mozaika, basgançak ýaly ýaşaýyş öýlerinde we iş ýerlerinde ulanyljak önümlere öwrülýär.

Çagyl we şine diýip atlandyrylýan mermer bölekleri bolsa sungat eserlerinde we bezeg önümlerinde ulanylýar.

Önümçiligi we brendi berk gözegçilik astynda bolan Afýon Mermeri, Türkiyäniň möhüm eksport önümleriniň hatarynda durýar.



Degişli Habarlar