Kyrklareli Brakana Süýjüligi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2144256
Kyrklareli Brakana Süýjüligi

Türkiyäniň Bolgariýa serhedinde ýerleşýän Kyrklareli şäheriniň Babaeski etrabynda öndürilýän Brakana süýjüligi, Büýükmandyra Senetçilik we tebigy durmuş birleşiginiň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Kyrklareli Brakana Süýjüligi bugdaý unundan, süýtden, ýumurtgadan, gaty we suwuk ýagdan taýarlanýan şerbetli süýjülikleriň görnüşleriniň biridir. Süýjüligiň formasy ýarym şar görnüşlidir we ortasynda birneme çukur bardyr. Geçmişi 1877-nji ýylda sebite ýerleşen Pomak obalaryna çenli uzap gidýän süýjüligiň taýarlanylşynda, ünsleri çekiji iň uly aýratynlyk bolsa hamyr taýarlanýan mahaly ýumurtganyň hamyr sowuk mahaly goşulmagydyr. Süýjülik taýarlanýan mahaly ilki bilen gaty, suwuk ýaglar we süýt gazanda gaýnadylýar, un goşulanyndan soň gazanyň ody öçürilýär we sowamagy üçin goýulýar. Sowan ergine 2 ýumurtga we 2 ýumurtganyňam diňe sarysy goşulýar. Esasan hem hamyryň sowuk bolmagyna we ýumurtgalary bişirmezligine üns berilmelidir. Ýumşadyjy we iýmit sodasynyň goşulmagyndan soň hamyr, kiçiräk böleklere bölünýär we edil ortasyna barmak bilen basylyp, kiçiräk çukur emele getirilýär. Süýjüligiň bölekleri mejmä ýerleşdirilip, 180 gradusdaky peçde, gülgüne reňke bürenmäge başlaýança çenli bişirilýär. Ilkinji şerbetleme işi hamyr gülgüne reňke öwrülen mahaly ýerine ýetirilýär we süýjüligiň ýüzi açyk goňur reňke öwrülýänçä çenli ýene-de 5-6 minut bişirilýär. Peçden çykarylan süýjülikleriň üstüne şerbetiň beýleki bölegi dökülýär. Süýjülik mejmäniň üsti başga bir mejme ters öwrülip ýapylýar we demini almagy üçin goýulýar.  Kyrklareli Brakana Süýjüligi sowanyndan soň hödür kerem edilýär.



Degişli Habarlar