Hakkari Kyris tagamy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1919894
Hakkari Kyris tagamy

Türkiyäniň Eýran we Yrak serhediniň kesişýän sebitinde ýerleşýän Hakkari şäherine mahsus bolan Kyris tagamy esasan hem mawlid, toý ýa-da duýgudaşlyk ýaly köp sanda adamyň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler üçin taýarlanylýan etli bir nahardyr.

Hakkariniň Aşpezler we konditer önümleri birleşmesiniň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Kyris tagamynyň örän gadymy taryhy bardyr.

Süňkli et, üwelen et, bulgur, tüwi, nohut, sogan we pomidor goýutmasy ýaly önümlerden taýarlanýan naharyň iň uly aýratynlygy bolsa süýji we nahara tapawutly tagam berýän kişmişiň we hozuň nahara goşulmagydyr.

Naharyň taýarlanmagy:Ýagsyz etden edilýän teftelleriň taýar ýagdaýa getirilmeginden soň, tüwi, nohut, kişmiş, hoz, süňkli et we sumah aýry-aýry gazanlarda gaýnadylýar.

Uly gazanyň içinde sogan we pomidor goýutmasy gowrulýar, onuň üstüne bolsa ozal gaýnadylan tüwi, nohut, kişmiş we hoz bilen tefteller goşulýar.

Nahar biraz garyşdyrylanyndan soň, üstüne ýyly suw bilen duz goşulýar we pes otda 45 minut gaýnadylýar.

Beýleki tarapdan gaýnadylan we suwyndan çykarylan sumah däneleri, gaýnaýan nahara goşulýar we nahar ýene-de 5 minut otda saklanýar.

Hakkari Kyris tagamy gelen myhmanlara lawaş çöregi, sogan we aýran bilen gyzgyn görnüşde hödür-kerem edilýär.



Degişli Habarlar