“Gapma-garşylyk” manysyny aňladýan paradoks adalgasy

Çünki

2153273
“Gapma-garşylyk” manysyny aňladýan paradoks adalgasy

Gepleşigimiziň bu sanynda umumy kesgitleme boýunça “gapma-garşylyk” manysyny aňladýan paradoks adalgasy hakynda durup geçmek isleýäris. Taryhdaky iň meşhur paradokslardan birine ýüz tutup, krytlylaryň ählisi ýalançydyr, çünki, diýip sözle başlalyň.

Biziň eýýamymyzdan ozalky 6-7-nji asyrda ýaşap geçendigi çaklanylýan Krytly Epidenidese degişlidigi aýdylýan “Krytlylaryň ählisi ýalançydyr” sözi, paradoks adalgasy düşündirilýärkä ulanylýan frazalardan biridir. Bu sözleme görä paradoks hakda söze başlamazdan ozal sözlemdäki “ýalançy” sözi hakda durup geçeliň. Mysalyň paradoks häsiýetini aňlatmasy üçin ýalançynyň aýdýan ähli zadynyň ýalandygy kabul edilmeli. Çünki paradoksyň pelsepedäki kesgitlemesinde “duýgy taýdan kabul edilenlerden ugur almak” diýilýär.

Paradokslar çözgütsiz meselelerdir. Ol, “Krytly paradoksy” ýa-da “ýalançy paradoksy” atlandyrylýan Epimenidesiň sözleminde hem şeýledir. Epimeidesiň dogry sözländigi kabul edenimnizde, ýalan sözlemeýän krytlynyň bardygy netijesini çykararys. Mantyk kadalaryna görä ähliumumy mysallardaky ýekeje mysal şol mysaly puja çykarmak üçin ýeterlikdir. İkinji halatda Epimenides ýalançy bolsa, bu sözlemi hem ýalandyr. Eger şeýle bolsa krytlylar ýalançy diýmek ýerlikli bolmaz.

Paradoksda bir mysalyň hem özünin hem-de oňa bap gelmeýän mysalyň dogry bolmagy mümkin. Paradoksy täsinleşdirýän aýratynlyk bolsa mysalyň mazmunynyň eýe bolan manysynyň dogry kabul edilmegi, şol mysalyň ýalňyşdygyny ýüze çykarmagydyr. Paradokslar, mantyk kadalaryndan ýalňyş peýdalanmagyň netijesinde ýüze çykýar.

Klassiki mantygyň esaslandyryjysy Aritoteliň pikiriçe mantykda üç sany başlangyç kada bardyr. Olar; birmeňzeşlik, gapma-garşy bolmazlyk we üçünji şertiň mümkin bolmazlygy kadalarydyr. Galam, galamdyr mysaly, birmeňzeşligi görkeýär. Galam, galam bolmadyk zat däldir, gapma-garşy bolmazlyga mysaldyr. Haýsydyr bir element ýa galamdyr ýa-da däldir mysaly bolsa üçünji şertiň mümkin däldigini beýan edýär. paradokslar şu üç kadany bozýandyklary üçin mantyga ters kabul edilýär.


Etiketkalar: #adalga , #paradoks , #ýalan

Degişli Habarlar