Bagyr ýaglanmasyna tebigy çözgütler

Saglygym Baýlygym

2153307
Bagyr ýaglanmasyna tebigy çözgütler

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Bagyr ýaglanmasyna tebigy çözgütler hakynda söhbet etmekçi.

Bagyryň ýaglanmasy, bagyrdaky öýjüklerde ýygnalan artykmaç ýaglar sebäpli ýüze çykýan hassalykdyr.

Bagyryň ýaglanmagy halkda iň ýygy gabat gelinýän biynjalyklyklardan biridir. Esasanda belli bir agramdan soň bagyryň ýaglanmagy artýar. Bagyryň ýaglanmagynyň sebäpleri dürli dürlidir.

Bagyryň ýaglanmagynyň sebäpleri

Bagyryň öýjüklerinde ýag ýygnanmagyna sebäp bolýan birnäçe ýagdaý bardyr. Olar;

  • Işlenen uglewodlaryň aşa köp sarp edilmegi
  • Şeker we ýag taýdan aşa ýokary bolan iýmitlenme düzgüni
  • Belogyň az sarp edilmegi
  • Bedene A witaminiň az alynmagy
  • Çilim we spirtli içgi
  • Insuline çydamlylyk
  • Artykmaç ýaglanma we çişiklik
  • Şol diýetalar sebäpli gysga möhletde aşa horlanmak
  • Ýokary gan basynjy
  • Hereketsiz ýaşaýyş

Eger bagyryň ýaglanmagyndan biynjalyk bolýan bolsaňyz, ilki bilen hökmany suratda lukmana görüniň we degişli barlaglary etdiriň. Şonuň netijesine görä bejergi tapgyryna başlaň.

Bagyryň ýaglanmagynda tebigy bejergi usullary şulardan ybarat;

  • Limon

Bir käse suwa ýarym limony sykyp, birnaçe hepdäniň dowamynda günde 2-3 gezek içmek bagyryň ýaglanmagynyň aýrylmagy üçin peýdaly bolar.

  • Al sirkesi

Bir käse ýyly suwa bir nahar çemçesi tebigy alma sirkesini goşup, her gün nahardan öň 2 gezek içmek peýdaly. Eger isleseňiz bir çaý çemçesi bal goşup, tagamlandyryp bilersiňiz. Onuň peýdaly bolmagy üçin 1-2 kadaly dowam etdirmek maslahat berilýär.

  • Zerdeçal

1 çaý çemçesi üwelen zerdeçaly bir käse suwa goşup, gaýnadyň we birnäçe hepdäniň dowamynda günde iki gezek içiň.

  • Gök çaý

Her gün kadaly ýagdaýda 2-3 käse gök çaý içmek, alkogolly içgi sebäpli bolmadyk bagyr agyrysyna peýdalydyr.

  • Çopantelpek

Çopantelpek çaýyny günde 2 gezek içmek bagyryň ýaglanmagynyň öňüni alar. Çopantelpek çaýy yzgiderli içilen halatynda has gowy netije berer we şeýle biynjalyklyklary ortadan aýyrar.

 

Ýaşaýyş endiklerini üýtgetmek

Sagdyn iýmitlenmek we maşk etmek irki bagyr ýaglanmasynyň öňüni almak taýdan iňňän peýdalydyr. Bedeniňiziň jemi agramynyň azyndan 5 göterimini azaltmak bagyr ýaglanmasynyň öňüni alar. Emma aşa hor ýa-da ýagly adamlar üçin 10 göterim horlanmak maslahat berilýär.

Sport

Sport bilen meşgullanmak artykmaç ýağlardan saplanmagy we tebigy ýagdaýda bagyr ýağlanmasyny ortadan aýyrar. Kadaly maşk edip, şeýle biynjalyklyklardan gutularsyňyz.

Maşk etmek

Maşk etmek bagyrdaky ýagyň mukdaryny azaldýandygy üçin kesellilere hepdede 150-300 minut orta tizlikde maşk etmek ýa-da 75-150 minut ýokary depginli hereket etmek maslahat berilýär.

 

Ösümlikleriň peýdalary

Bagyr ýaglanmasynda giňden ulanylýan ösümlikleriň arasynda ýandak, artişok we zerdeçal bar. Bagyr ýaglanmasy artişokly naharlaryň kadaly sarp edilmegi arkaly aýrylýar.

Sarymsak

Geçirilen barlaglarda sarymsak iýmegiň bagyr ýaglanmasyny azaldýandygyny görkezýär. Emma aşa köp sarp etmek başga näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

 

Omega 3 ýagynyň aşgarlary

Balyk, hoz ýaly omega-3 ýaglarynyň ýokary bolan azyklaryny iýmek bagyrdaky ýagyň azalmağy taýdan peýdalydyr.

  • Brokoli
  • Hoz

Geçirilen barlaglarda hoz iýmegiň bagyr ýaglanmasy bolan adamlarda bagyryň funksiýalaryny güýçlendirendigi anyklandy.

 

Awokado

Barlaglar awokadonyň bagyr ýaglanmasynyň depginini gowşadyjy maddalary özünde jemleýändigini öňe sürýär. Aýratynam süýmli düzümi bilen ýaglanmanyň öňüni alýar.

Petruşka

Ýaglanmanyň öňüni almak üçin ertirlerine limon we petruşka erginini ulanmak maslahat berilýär. 15-16 sany petruşkanyň sapyny üwäp, içine birnäçe damja limon suwuny goşuň we ýarym käse suwuň içine guýup, her gün irden 1 aý içmek bagyryň ýağlanmasyny azaldar.



Degişli Habarlar