Gadymy Gresiýadan älem tehnologiýasyna: Artemida

Bilesigelijiniň Bellikleri

1889584
Gadymy Gresiýadan älem tehnologiýasyna: Artemida

 

NASA soňky 10 ýyl bäri üstünde işleýän älem giňişligi bilen bagly taslamasyny tamamlap barýar. 

 

TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Gadymy Gresiýadan älem tehnologiýasyna: Artemida” temasynyň üstünde durup geçmekçi.

 

NASA 50 ýyl soň Aýa bu gezek Artemida atly emeli hemrasy bilen ädim etmäge taýarlyk görýär. Uçurylmagy eýýäm 2-nji gezek yza süýşürilen Artemida taslamasy bilen baglnaşykly ähli jikme-jiklikler adamlarda uly gyzyklanma döredýär.

Adamzadyň Aýa ilkinji gezek gadam basan 53 ýyl ozalky uçuş taslamasynyň ady Apollon 11 hökmünde taryha geçipdi. NASA soňky Apollon wezipesini bolsa 1972-nji ýylda amala aşyrypdy. Ýolagçylyk indi bolsa Artemida ady bilen dowam ediler.

Taslamalara şol atlaryň dakylmagynyň aňyrsynda näme sebäpler bar?

Artemida kim?

Artemida Grek mifologiýasynda Leto bilen Zewsiň gyzy we Apollonyň ekizi hökmünde bilinýär. Artemida Grek arhipelaglaryndan Mikonosyň ýanyndaky kiçiräk adalaryň biri bolan Delosda dogulan mofologik taňry zenan.

Jemgyýetleriň her biri bu taňry zenany tapawutly atlar bilen atlandyrdy we Artemida bütin Ortaýer deňizi basseýninde ýagny, Mesopotamiýa, Siriýa, Müsür, Krit we Ortaýer deňiziniň beýleki adalarynda, Gresiýa, Italiýa we Galiýa sebitlerinde ýaşan ähli halklarda bardy. 

NASA älem giňişligi taslamasyny näme sebäpli Artemida diýip atlandyrdy?

NASA-nyň bu taslamasy bilen Aýa giden ilkinji zenan astronawt Aýa gadam basar. Taslamanyň ady hem mofologiýadaky taňry zenanlaryň arasyndan saýlandy. Artemida Grek mifologiýasynda Apollonyň ekizi hökmünde tanalýar. Artemida wagşy tebigat, awçylyk, ýaý atmak we Aýyň taňry zenany hökmünde mifologiýada ady geçýär.

Artemida ybadathanasy

Grek mifologiýasynda möhüm bir ýere eýe bolan Artemida bagyşlanyp gurulan, iň kaşaň ybadathanalaryň biri hem häzirki wagtda Türkiýäniň Izmir welaýatynyň Selçuk etrabynyň çäklerindäki Gadymy Efes şäherinde ýerleşýär. Dolulygyna mermer daşyndan gurulan ybadathana, b.e.öň 550 ýyllarda gurulyp gutaryldy. Gurluşygy Lidiýanyň Şasy Kroisos tarapyndan başladylan ybadathana, 120 ýylda guruldy.

Dünýäniň 7 täsinliginiň biri hasaplanýan ybadathanadan häzirki güne çenli diňe birnäçe mermer bölegi galdy.

Radyo: TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, “Bilesigelijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň “Gadymy Gresiýadan älem tehnologiýasyna: Artemida” temaly bölümini diňlediňiz. Temanyň tekstini www.trt.net.tr/turkmen saýtyndan hem okap bilersiňiz. Mundan soňky bölümlerde görüşýänçäk çenli, Hoş sag boluň.



Degişli Habarlar